Sep 08, 2021 17:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran goşunynyň baş serkerdesiniň sionist re regimeimiň serkerdeleriniň bolgusyz sözlerine beren jogaby

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi: Sionist režimiň ýolbaşçylary durmuşlarynyň çalt pese gaçýandygyny duýandyrlar we ölümden gorkup belkide öz janlaryna kast etmek isleýändirler diýdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi Amir general-maýor "Seýed Abdolrahim Musawi" ýurduň günbataryndaky bu güýçleriň bölümleriniň taýýarlygyna baryp görende sionist režimiň ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň Yslam respublikasyna garşy bolgusyz sözleriniň jogabynda Sionistleriň köp gowşak taraplary bar we geçmişde hem köp agyr ýeňlişleri başdan geçirendirler diýdi.

Sionist režimiň goşunynyň baş sekretary söhbetdeşlikde bu režimiň goşunynyň häzirki maksadynyň, Siriýa ünsi jemlemek bilen Eýranyň Günbatar Aziýada barlygyny azaltmakdygyny aýtdy.

Tags