Sep 10, 2021 13:01 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Suw meselesi ýurduň köp welaýatlarynyň kynçylygy bilmek bilen biz bu meseläni hökümetde aýratyn alyp barýarys diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" anna güni Tabas şäherine barandan soň beren gürrüňlerinde: Umman deňzinden suw geçirmegi ýaly gysga möhletli we uzak möhletli çözgütler bilen adamlaryň suw çeşmelerine elýeterliligi meselesini çözmek üçin gün tertibine geldik diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda biziň esasanam Günorta Horasan welaýatynda gymmatly täsirli güýçlerimiz bar, we bu işçi güýjüniň kömegi bilen hökümet bu welaýatda problemalary çözmek üçin çäreleri görüp biler diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti şeýle hem: Magdanlar bu welaýatyň gymmatly gorlaryndan biridir we işjeňleşdirilen halatynda iş üpjünçiligi, önümçiligiň gülläp ösmegi we ykdysady meseleler çözüler diýdi.

Seýed Ybraýym Raisi, Tabas howa menziline geleninden soň bir günlük sapar wagtynda Günorta Horasanyň häkimi we welaýatyň ýokary derejeli işgärleri tarapyndan garşylandy.