Sep 10, 2021 13:24 Asia/Ashgabat

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili: Owganystanyň goňşularynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň indiki tapgyry Tähranda geçiriler diýdi.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Taht-e Rawançi penşenbe güni Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşnda "Owganystan möhüm döwri başdan geçirýär" diýdi.

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili sözüniň dowamynda bu ýagdaý, ilkinji nobatda ABŞ-nyň we beýleki daşary ýurt güýçleriniň Owganystana gatyşmagynyň we jogapkärçiliksiz yza çekilmeginiň gönüden-göni netijesidir diýip yglan etdi.

Taht-e Rawançiniň pikiriçe: Owganystana girenlerinde (amerikalylar we günbatarlylar) owganlylara betbagtlyk getirdiler we gidenlerinde betbagtçylyk galdyrdylar.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Owganystandaky mätäç millionlarça adamyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň zerurdygyny göz öňünde tutup". Eýran öz portlary, howa menzilleri, demir ýollary, ýollary we serhet geçelgeleri arkaly Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmegini aňsatlaşdyrmaga taýýardyr diýdi.

Taht-e Rawançi şeýle-de Dört onýyllykdan gowrak wagt bäri millionlarça owgan bosgunyny kabul etdik we soňky krizisden bäri Eýrana has köp bosgun geldi diýdi.

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili: "Halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine we bu bosgunlara kömek bermek üçin has köp çäre görmegine garaşýarys" -diýdi.

Tags