Sep 15, 2021 19:31 Asia/Ashgabat
  • Raisi Täjigistana sapar edýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistanyň Prezidentiniň ŞHG sammitine gatnaşmak üçin resmi çakylygy boýunça penşenbe güni Duşanbe gidýär.

Seýid Ybraýym Ra'isi Eýranyň prezidenti hökmünde ilkinji daşary sapary wagtynda Täjigistanly kärdeşi Ymam Ali Rehmanyň ŞHG sammitine gatnaşmak we çykyş etmek üçin resmi çakylygy boýunça Tajigistana barar.

Bu saparda, sammite gatnaşmakdan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylary  bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer.

bu saparda Eýranyň syýasy we ykdysady işgärleriniň ýokary derejeli wekiliýeti Raisä ýoldaşlyk eder.