Sep 16, 2021 16:23 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Atom gullugynyň sionist režimiň ýadrolyk gorhanalary barada bilkastlaýyn dymmagyny tankytlaýar

Eýranyň Wenadaky ilçisi Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Sionist režiminiň atom bombalaryndan doly gorhanalary barada dymmagyny tankytlap Halkara jemgyýetçiligi we IAEA bu režimiň bäş onýyllykdan gowrak wagt bäri alyp barýan işlerine göz ýumýarlar we hiç hili maglumatlarynyň ýokdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Wenadaky ilçisi we halkara guramalarynyň hemişelik wekili Kazem Garibabadi, IAEA Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinde, Sionist režimiň ilçisiniň IAEA-nyň geçen 7 aýda Eýranyň ýadro meselesinde gözüni ýumandyr diýen toslamasynyň we ýaňsylanmagynyň jogabynda ony gülkünç aýyplama hasaplamak bilen bu agentligiň Sionist režimiň ýadrolyk gorhanalaryna göz ýumandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol sözüniň dowamynda bellemeli zat olda, halkara jemgyýetçiligi we IAEA bu ​​režimiň bäş onýyllykdan gowrak wagt bäri alyp barýan ýadrolyk işlerine göz ýummaklary we hiç hili maglumatlarynyň ýokdygydyr diýdi.

Garibabadi, IAEA-nyň bu meselede bilkastlaýyn dymmagy has gynandyryjydygyny aýtdy.

Tags