Sep 16, 2021 17:19 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran Yslam Respublikasy sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranyň sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Şu gün (penşenbe) 21-nji ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Tährandan Täjigistana gitmezden ozal, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi eden çykyşynda bu saparyň Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň resmi çakylygy boýunça ýerine ýetýändigini aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda şeýle-de Şanhaý sammitine gatnaşmak we Eýran Yslam Respublikasynyň pikirlerini we garaýyşlaryny beýan etmekden başga-da, bu sammite gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli adamlary bilen hem duşuşarys diýdi.

Eýranyň prezidenti saparyň dowamynda Täjigistanly kärdeşi bilen geçirjek ikitaraplaýyn duşuşyklara we gepleşiklere salgylanyp, Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky gowy gatnaşyklar bir az gowşady we bu sapar bilen bu ýurt bilen dürli syýasy, medeni we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklar üçin täze bir sahypa belläris diýip beýan etdi.

Eýran we Täjigistan halkynyň medeni, dini we dil umumylyklaryna salgylanyp, Raisi: Sebitiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we bu saparda ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri bilen geçiriljek gepleşikleriň tapgyrynda Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar öňküsinden has köp bolar we bu ugurda täze ädimler ädiler diýip umyt edýäris diýdi.