Sep 22, 2021 14:41 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň syýasaty sebitdäki ähli ýurtlaryň durnuklylygyny we territorial bitewiligini saklamakdyr

Eýranyň prezidenti, halklaryň hukuklarynyň islendik bozulmagy, ilkinji nobatda dünýäniň parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty sebitdäki ähli ýurtlaryň durnuklylygyny we territorial bitewiligini saklamakdyr diýdi.

Aýatolla doktor Seýid Ybraýym Ra'isi, ýerli wagt bilen düýn sişenbe BMG Baş Assambleýasynyň 76-njy ýyllyk mejlisinde wideo konferensiýada eden çykyşynda: Amerikan halkynyň Kongres binasyna çozýan we Owgan halkynyň Amerikan uçaryndan ýere gaçýan taryhy şekilleriniň ýaýlyma berilmegi paýtagtdan Kabula çenli, içerde we daşary ýurtda Amerikanyň agalyk etmeginiň nädogrydygy barada dünýä habar iberdi diýdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de milletleriň çydamlylygy ägirt güýçleriň güýjünden has güýçlüdir we häzirki wagtda Günbatar şahsyýetini kesgitlemek taslamasynyň başa barmandygyna yşarat edip Amerikanyň soňky onýyllykda goýberen ýalňyşlygy, “durmuş ýoluny” dünýä bilen üýtgetmegiň ýerine, “söweş ýoluny” dünýä bilen üýtgetmegidir diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda  Eýran halkyna garşy sanksiýalar ýadro programmasy ýa-da Yslam rewolýusiýasyndan däl-de, 1951-nji ýyldan, nebit pudagynyň millileşdirilen döwründen başlandy diýmek bilen bu hereketiň Amerikalylar we Iňlisler tarapyndan Eýran halkynyň saýlanan hökümetiniň ýykylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy. Ol şeýle-de Sanksiýalar, esasanam derman sanksiýalary, korona döwründe adamzada garşy jenaýat hasaplady.

Şeýle hem ol: Eýran halkynyň we biziň ýurdumyň myhmany bolan millionlarça bosgunyň adyndan ABŞ-nyň bikanun sanksiýalarynyň, esasanam ynsanperwerlik çäreleriniň dowam etdirilmegini ýazgarýaryn we Amerikanyň nyşany we adam hukuklarynyň hakykaty höküminde adamzada garşy bu guramaçylykly jenaýatyň bellige alynmagyny isleýärin diýdi.

Eýranyň prezidenti, syýasatymyzyň sebitdäki ähli ýurtlaryň durnuklylygyny we territorial bitewiligini saklamakdygyny aýtmak bilen eger-de Siriýanyň we Yragyň hökümetleri we halklary bilen bir hatarda Eýranyň güýji we roly bolmadyk bolsa we şehit bolan Abu Mahdi al-Mohandesiň we şehit bolan general Haj Gassem Soleýmanyň söweşi bolmadyk bolsa, şu gün DAEŞ Ýewropanyň Ortaýer deňziniň goňşusy bolardy. elbetde, DAEŞ ekstremizmiň soňky tolkuny bolmaz diýdi.

Raisi şeýle-de Ýemendäki gumanitar krizisiň aladalandyryjydygyny we dünýäniň adamzada garşy jenaýatlar baradaky dymmagyny bes etmelidigini aýtmak bilen çalt we şertsiz zorlamagy bes etmegiň çözgüdi, Ynsanperwer kömeginiň ýoluny açmak we Ýemenlileriň arasynda konstruktiw gepleşikleri ýeňilleşdirmekdir diýdi.

Eýranyň prezidenti, Kudusy basyp alyjy režimiň iň uly döwlet terror guramasynyň guramaçysydygyny belläp, Gazada we Günbatar Şeriýada aýal-gyzlary we çagalary öldürmek onuň gün tertibindedigini aýtmak bilen Häzirki wagtda gabaw, Gazany dünýäniň iň uly türmesine öwürendir diýdi.

Raisi häzirki wagtda bütin dünýä, şol sanda Amerikalylaryň özleri-de, Eýran halkyna garşy durmak taslamasynyň düýbünden başa barmandygyny boýun alandyrlar diýmek bilen şeýle-de bolsa, iň ýokary sütem syýasaty entek terk edilmedi diýdi.

Ol sözüniň soňunda "Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň on bäş hasabaty Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirýändigini tassyklady diýmek bilen emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalary ýatyrmak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirmedi diýip beýan etdi.