Sep 22, 2021 19:22 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň içeri işler ministri: Garşylyk duşmanyň zulumly sanksiýalaryna garşy durmagyň ýeke-täk usulydyr

Eýranyň içeri işler ministri, Eýranyň halkyny Mukaddes Goranmak hepdeligi bilen gutlaýan hatynda: Mukaddes Goranyşyň tejribesi, dürli zulumly we bikanun sanksiýalaryň dürli ugurlarynda duşmanlaryň hüjümlerine we basyşlaryna garşy durmagyň ýeke-täk ýolunyň, olara garşy durmak we ýurduň, halkyň we ýaşlaryň uly mümkinçiliklerine bil baglamakdygyny subut etdi diýdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi sözüniň dowamynda elbetde, mukaddes gorag diňe bir zor aýdyjy fronta garşy söweş we ýaragly göreşmek sahnasy bolman, eýsem beýik milletiň garşylygynyň we söýgüsiniň, imanyň we ruhubelentligiň ýalpyllaşmagy we hakykatyň ýalňyşlyga üstün çykmagy bolandyr diýip sözlerine goşdy.

Ol: Her dürli etnik we dine ynanýan batyr adamlaryň gatnaşmagynyň meýdançasy bolan mukaddes goranyşyň siwilizasiýa gurmak medeniýeti Isleg, ynam we berk we eldegrilmesiz ylahy wadalaryň kanunydygyna ynanmak we möhüm ugurlarda ulgamyň batyrgaý ýolbaşçylygynyň öňdengörüjiligine we ruhy düşünjesine ygtybarly we wepaly ynam iň az mümkinçilikler bilen iň ösen ýaraglar, we desgalar bilen enjamlaşdyrylan duşmany we eziji ulgamy kemsidilip bilinjekdigini subut edildi diýdi.