Sep 24, 2021 15:47 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Ýurduň ösüşiniň we ýeňşiniň açary rewolýusiýa we Basiji ruhuna eýe bolmakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ýurduň ösüşiniň we ýeňşiniň syry rewolýusiýa we Basiji ruhuna eýe bolmakdyr diýdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybrýyim Raisi" şu gün, anna güni ýurduň ösüşiniň we ýeňşiniň açaryny Basij, yhlas we jihad ruhy bilen şehitleriň we janaýamazlaryň ýolunda hereket etmek diýip hasaplamak bilen şehit bolanlaryň sargydy, ynkylap ideallarynyň jemgyýetde we köpçülikde pese gaçmagyna ýol bermezlik we adalaty we Eýran halkynyň mertebesiniň aýak aşakda galmazlygydyr diýdi.

Eýranyň prezidenti özüniň dördünji welaýatlyk saparynyň çäginde Ilam welaýatyna baranda Galawizan şehitleriniň hatyrasynda eden çykyşynda: Pida etmek, şehit bolmak, Hudaýa bil baglamak, ähtiň ýerine ýetirilmegi, Yslamy söýmek Yslam Rewolýusiýasynyň gymmatlyklarydyr diýdi.

Şu gün Eýranyň prezidenti, dördünji welaýat sapary bilen Eýranyň günbataryndaky Ilam welaýatyna geldi we "Mehran" serhet sebitine gitdi.