Sep 25, 2021 23:20 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri, wepaly eýranly ýetginjegiň şehit hasaplanmagy baradaky haýyşy kabul etdiler

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Eýranyň Şehitler we weteranlar gaznasynyň ýolbaşçysynyň wepaly ýetginjek Ali Landiniň şehit hasaplanmagyny islemegine razy boldylar.

Eýranyň Şehitler we Weteranlar Gaznasynyň başlygy Gazizadeh Haşemi, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna iki adamyň janyny halas etmek üçin janyny pida eden we düýn ölen Ali Landiniň pidakärçiigi barada hat ýazdy. Ol bu yhlasly ýetginjegiň şehit hasaplanmagyny isledi. we Aýatolla Hameneýi hem bu islegi kabul etdiler.

Izeh şäherinden bolan Ali Landi 9-njy sentýabrda iki orta ýaşly we garry aýaly halas etmek üçin özüni oda urdy we bu iki aýaly halas edip başardy ýöne özi bu ugurda janyny elden berdi.