Sep 26, 2021 16:23 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk özara hormata esasynda bolmalydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Eýran ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk saklamaga ykjamdyr, ýöne bu hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak we halklaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak esasynda bolmalydyr diýdi.

Prezidentiň maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Tährandaky Iňlisiň täze ilçisiniň ynançhatyny alanda garaşsyzlygy we erkinligi Eýran halkynyň esasy şygarydygyny aýdyp ýurdumyz hakykatdanam garaşsyzdyr we Biziň garaşsyzlygymyz toslama däldir we siz pars dilini gowy bilýändigiňizi göz öňünde tutup, öz hökümet işgärlerinize Eýranda bu sözleriň asyl manysyny düşündirmelidirsiňiz diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Garaşsyzlyk we azatlyk ruhy Eýran halkyndadyr we haçan-da beýleki ýurtlaryň zor edýändigini duýsalar, zora boýun bolman reaksiýa bildirýärler diýdi.

Reisi şeýle-de Eýran bilen işleşmegiň we hyzmatdaşlygyň iň gowy usuly, birek-birege hormat goýmak ýörelgesine üns bermekdir diýmek bilen Yslam respublikasy haýsydyr bir ýalňyşlygy kabul etmeýär we Ýewropa we Günbatar, tejribelerine esaslanyp, Eýrana garaşsyz döwlet hökmünde garamalydyr diýip nygtady.

13-nji Eýran hökümetiniň başlygy, häzirki wagtda adam hukuklarynyň ýurtlara hüjüm etmek üçin syýasy ýarag bolandygyny aýtmak bilen biz dini ynançlara esaslanýan adam hukuklaryna hormat goýmagy özümize borç bilýäris we siz adam hukuklaryny goraýjylaryň köpüsiniň öz halkyna nähili çemeleşýändigini bilýärsiňiz diýdi.

Iňlisleriň Tährandaky täze ilçisi Simon Şerkliffe Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ynançhatyny gowşuranda, täze ilçi hökmünde 20 ýyldan soň Tährana ikinji gezek gelendigini aýtmak bilen Eýran hakda gowy tejribäm we bilimim bar, esasy maksadym iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary oňyn we konstruktiw garaýyş bilen gowulaşdyrmakdyr diýdi.

Simon Şerkliffe geçen aý Iňlisleriň Tährandaky häzirki ilçisi Rob Makiriň ornuny tutdy.

Tags