Sep 29, 2021 20:16 Asia/Ashgabat
  • Peýman Jebelli, Eýranyň radio we telewideniýesiniň başlygy wezipesine bellendi

Ali Askari Eýranyň Radio we telewideniýesinde işläninden soň, Aýatolla Hameneýi Peýman Jebellini başlyk edip bellediler.

Aýatolla Hameneýiniň buýrugy: Milli habar beriş serişdeleri, halkyň habardarlygynyň we biliminiň derejesini ýokarlandyrjakda uniwersitet mysalyndadyr, hemde duşmanlaryň ýaýlymlarynyň çöwre görkezmelerine garşy göreşmekde bir medandyr, şeýle-de hemmeleriň gözellikleriň we hünäriň jilwelerinden peýdalanmak üçin rahatlyk mekanydyr hemde umumy giňişlikde we il arasynda satlyk ýaýratmaklyk üçin bir mekandyr.

Ol Hezretleri sözüniň dowamynda "Medeni ýolbeletlik, milli we ynkylap şahsyýetiniň ruhuny we duýgusyny güýçlendirmek, Yslam-Eýran durmuşyny ösdürmek we milli jebisligi ýokarlandyrmak adam kapitalyny ýokarlandyrmak we maksatnamalaryň hil taýdan ösmegi we başlangyçlardan peýdalanmak, gije- gündiz tagallalaryň netijesinde hasyl boljakdyr diýip beýan etdiler.

Bu kararda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Ali Askariniň wezipesinde işlän döwründe ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdiler we  Peýman Jebellä üstünlikli arzuw etdiler.