Oct 09, 2021 20:54 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary lideri:  Owganystanyň jogapkärleri Kunduz jenaýatyny eden ganhorlary jezalandyrmaly

Owganystanyň Kunduz welaýatynda bir metjidiň pajygaly partlamasyndan we köp sanly ybadatçynyň ölüminden soň, Aýatolla Hameneýi bu uly jenaýaty edenleri jezalandyrmagyň we şeýle betbagtçylyklaryň gaýtalanmagynyň öňüni almalydygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý şenbe ýüzlenmesinde Kunduz welaýatynyň Hanabad etrabynyň metjidinde köp sanly ybadatçynyň ölümine sebäp bolan partlama pajygaly waka boldy we bizi gynandyrdy diýip nygtadylar.

ol hezretleri şeýle-de goňşy we dogan ýurtd bolan Owganystandaky resmileriň bu uly jenaýatyň gan döküşikli jenaýatçylaryny jezalandyrmagyna we şeýle betbagtçylyklaryň gaýtalanmazlygy üçin zerur çäreleri görmegine garaşylýar diýip sözlerine goşdylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri Şeýle hem, Gudratygüýçli Alladan bu wakada şehit bolanlara rehim we beýiklik, ýaralananlara derrew şypa we diri galanlara sabyr soradylar.

Anna güni öýlän Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduzdaky Saýedabad metjidine edilen terrorçylykly hüjümde ybadat edýän onlarça şaýy şehit boldy ýada ýaralandy.

Hüjümden birnäçe sagat soň, terrorçy DAEŞ topary Kunduz metjidine edilen janyndan geçen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.