Oct 14, 2021 16:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 223 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 223 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 123,498-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 11,964 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,754,047 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 5 million 280 müň 624 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 240 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 4,891,000-den gowrak adam öldi.