Oct 14, 2021 22:03 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy işler boýunça orunbasary, Ýewropa Bileleşiginiň hereket gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda Brýusselde geňeşmeleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebit meselelerini, şol sanda Owganystandaky we Ýemendäki wakalary, şeýle hem sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Tährana sapar eden Enrike Moura penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bagheri Kani bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary; Bu duşuşykda, Eýranyň halkara sahnasynda jogapkärli aktýordygyny elmydama subut edendigini, şol bir wagtda beýleki tarapyň özüni alyp barşynyň bolsa jogapkärçilikden ep-esli uzakdygyny görkezýändigini aýtmak bilen Haýsy tarap has köp jogapkärçiligi görkezse, gepleşik stoluna has ýakyndyr diýdi.

Bagheri Kani şeýle-de göze görnüp duran netijelere ýetmegiň Eýran üçin möhümdigini belläp: Eýran, kagyz şertnamasy däl-de, amaly şertnama baglaşýan çynlakaý gepleşiklere hemişe taýyndyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary; Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öz borçlaryny ýerine ýetirmekdäki hakyky erkine çynlakaý şübheleriň bardygyny belläp, Ýewropa taraplaryň ýadro şertnamasy boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezligini tankytlady we jogapkärçiligiň zerurdygyny aýtdy.

Duşuşykda Enrike Moura ähli taraplar üçin makul boljak netijäni gazanmak üçin gepleşikleri dowam etdirmek üçin Eýran we beýleki taraplar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Iň soňda, iki tarapyň arasynda özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça geňeşmeleriň ýakyn günlerde Brýusselde dowam etdirilmegi karar edildi.