Oct 16, 2021 17:11 Asia/Ashgabat
  • Şamhaniniň Alyýewiň aýdanlaryna reaksiýasy

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentiniň Eýrana garşy hakykata laýyk gelmeýän sözleri barada twit ýazyp duşmanlaryň we şeýtanlaryň köp çykjaýjyly duzaklaryna ägä boluň diýip duýduryş berdi.

IRNA habar gullugynyň anna güni agşam beren habaryna görä, Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" bu twitde şeýle ýazypdyr: Goňşularyň ýörelgelerini we talaplaryny äsgermezlik etmek we ýalan we peýdaly bolmadyk sözleri aýtmak hoşniýetliligiň we paýhaslylygyň alamaty däldir.

Şamhani sözüniň dowamynda: Halkara jemgyýetçiliginiň neşe serişdelerine garşy göreşde gahryman hökmünde ykrar eden bir ýurdy günäkärlemek, sözleýjiniň sözlerini abraýdan düşürmekden başga täsiri ýokdyr diýdi.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň wirtual sammitinde Azerbaýjanyň prezidenti hakykata laýyk gelmeýän beýanatda: Eýran bilen ylalaşyp, Ermenistan Azerbaýjan Respublikasynyň öňki basyp alan ýerlerinden 30 ýyl töweregi Ýewropa neşe gaçakçylygy üçin peýdalanypdy diýip yglan etdi.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan hem bu aýyplamalary ret etdi we neşe serişdelerine garşy göreşde Eýran-Ermenistan hyzmatdaşlygyny nygtady.