Oct 16, 2021 18:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkezi: Şu wagta çenli korona sanjymynyň ilkinji dozasyny 48 million 15 müň 159 adam, ikinji dozany 23 million 343 müň 118 adam aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 71 million 358 müň 277 doza boldy diýip yglan etdi.

Geçen bir gije gündiziň boýunda ýurda 828,483 dozada korona sanjymy sanjym edildi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7,515 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 181 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 123,876-a ýetdi diýip yglan etdi.

Begenç bilen, şu wagta çenli 5,309,992 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy.