Oct 16, 2021 19:17 Asia/Ashgabat
  • Raisi, Eýranyň radio we telewideniýesiniň başlygy bilen duşuşygynda: Milli metbugat halk bilen resmileriň arasynda köpri höküminde bolmalydyr

Eýranyň radio we telewideniýesiniň başlygy şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen duşuşdy.

Eýranyň Prezidentlik gullugynyň maglumat merkezi Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi, Eýranyň radio we telewideniýesiniň başlygy Peýman Jebli bilen bolan duşuşygynda, halkyň meselelerini we kynçylyklaryny şeýle-de jogapkärleriň garaýyşlaryny beýan etmek milli metbugat hökmünde radio we telewideniýäniň möhüm roluna ünsi çekmek bilen radio we telewideniýe döwlet we ýurduň beýleki işgärleri bilen halkyň arasynda köpri höküminde bolmalydygyny aýtdy.

Raisi maglumatdaky takyklygyň, tizligiň we dogruçyllygyň üç kategoriýasyna we ýurduň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hereketlerine, gazananlaryna we ýerine ýetiren işlerine ünsi çekmek bilen bu hereketiň netijesi we döwlet bilen radio we telewideniýäniň bilelikdäki hyzmatdaşlygy halk arasynda umyt döremegine sebäp bolmalydyr diýdi.