Oct 18, 2021 16:07 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: sebitdäki ýurtlar öz ýurtlarynda sionist režimiň bolmagyna has seresap bolmalydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" duşenbe güni habarçylar bilen hepdelik duşuşygynda we EýranPressiň habarçysynyň Eýranyň demirgazyk-günbatar serhetleriniň golaýynda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky türgenleşigi baradaky soragyna jogap edipbu meseläni her bir ýurtda tebigy zat hasaplamak bilen türgenleşikleriň mowzugyna garamazdan sebitdäki ähli ýurtlar, sebitde sionist režimiň bikanun bolmagy sebäpli ýüze çykýan howplara has köp üns bermelidirler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň düýp manysynyň ganda, zorlukda we terrorçylykda bolandygyny bellmek bilen goňşularymyza dostlukly we dürli kanallar arkaly Tähranyň serhetlerinde sionist režimiň bolmagyna ýol bermeýändigini belledik diýdi.

Hatibzadeh, şeýle hem ABŞ-nyň Borjam agzasy däldigi sebäpli Eýranyň ABŞ üçin hiç wagt şert goýmaýandygyny aýtmak bilen şu güne çenli geçirilen gepleşikleriň hemmesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň BMG-nyň 2231 borçnamalaryna we ýadro şertnamasy borçnamalaryna doly, täsirli we şertsiz gaýdyp gelmegini we Eýrana garşy zalymlykly, bikanun we sanksiýalaryň doly ýatyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdy diýip beýan etdi.

Hatibzadeh, Eýranyň Yrakda saýlawlaryň geçirilmegini goldaýandygyny aýtmak bilen Yrakda bolup geçýän wakalar bu ýurduň içerki derejesinde we bu ýurduň halky we partiýalary bilen baglanyşykly diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy barada-da hem şeýle diýdi: Geljek çarşenbe güni Tähranda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrlerini kabul ederis we alty ýurduň ministrleri ähli etnik toparlaryň gatnaşmagynda Owganystanda giňişleýyn hökümetiň döredilmegine nähili goşant goşup biljekdigine, şeýle hem Owganystandaky parahatçylygyň we howpsuzlygyň geljegine ünsi jemlär.

Tags