Oct 18, 2021 16:36 Asia/Ashgabat
  • 39,000 dollar eksport bilen Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň başlanmagy

Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary, Saud Arabystana 39,000 dollar eksport edip, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň başlandygyny habar berdi.

Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Ruhollah Latifi duşenbe güni beren gürrüňlerinde  bir ýarym ýyllyk gatnaşyklaryň kesilmeginden soň, Iki ýurduň arasyndaky gepleşikler bilen bir wagtda, Saud Arabystanyna eksportyň bolmagy gowy habardyr diýdi.

Latifi sözüniň üstüni ýetirdi: Saud Arabystanyna eksport edilen 39,000 dollardan 6000 dollary plitkalaryň eksporty bilen, 33,000 dollary bolsa sürüjilik belgileri üçin zerur tegelek aýnanyň eksporty bilen baglanyşykly.

Eýranyň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Saud Arabystanyna 13-nji döwletde eksportyň başlamagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda aç-açanlygyň alamatydygyny aýtdy.

Tags