Oct 18, 2021 16:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 11,844 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň 804 adamyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 181 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 124,256-a ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi şeýle-de, şu wagta çenli 5,333,304 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 241 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 4,915,000-den gowrak adam öldi.