Oct 18, 2021 18:39 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň syýasaty Latyn Amerikasy ýurtlary, esasanam Wenesuela bilen gatnaşyklary ösdürmekdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Wenesuela bilen gatnaşyklary dostlukly we ösüş ugurynda diýip häsiýetlendirmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty ösüşe bakan ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmekdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi duşenbe güni Wenesuelanyň Daşary işler ministri Feliks Plasensiýa Gonzalez bilen Tähranda bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Latyn Amerikasy, esasanam Wenesuela, Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir we biz bu ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmegi maksat edinýäris.

Tähran-Karakas gatnaşyklaryny dürli ugurlarda giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çeken Raisi: Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin gatnaşyklaryň perspektiwasy iň ýokary derejede güýçlenmegi üçin anyk we uzak möhletli meýilnama düzülmelidir diýdi.

Wenesuelanyň döwletiniň Eýranyň daşary syýasatynda ähmiýetini beýan eden Raisi Wenesuelanyň prezidentiniň ýakyn wagtda Tährana sapary bilen iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze ädimleriň görüljekdigine umyt bildirdi.

Wenesuelanyň daşary işler ministri hem bu duşuşykda iki ýurduň eziji sistema we garaşsyzlygymyza zyýan ýetirmek isleýänlere garşy birleşendigini aýtmak bilen Wenesuela, Eýran bilen bilelikde köptaraplylygy goramagy we ABŞ-nyň gatyşmagyna garşy durmagy maksat edinýär diýdi.

Plasensiýa Gonzalez, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy we Eýran bilen Wenesuelanyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyk meýilnamasynyň işlenip düzülmeginiň bu maksada ýetmekde täsirli bolup biljekdigini we Wenesuelanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlar gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Tags