Oct 18, 2021 21:27 Asia/Ashgabat
  • Galibaf, Eýran bilen Orsýetiň parlament gatnaşyklarynyň pugtalandyrmagyny nygtady

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Eýran-Orsýet arasyndaky parlament gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň parlament başlygy Muhammet Bager Galibaf duşenbe güni Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Waludine jaň edip, Orsýetiň Dumasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagyny gutlamak bilen Yslam Şura Mejlisi bilen Orsýet Federasiýasynyň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy sözüniň dowamynda: Ykdysady maksatlary öňe sürmekde we iki ýurduň arasynda bolup biljek päsgelçilikleri aýyrmakda Bilelikdäki Mejlisiň ýokary Komissiýasynyň roluna ünsi çekip,  Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek maksady bilen Bilelikdäki Ykdysady Komissiýanyň we Bilelikdäki Mejlisiň ýokary Komissiýasynyň ýygnagyny garşy alýar we goldaýar diýdi.

Şeýle hem, Galibaf, Eýran Yslam Respublikasy we Orsýet parlamentleriniň iki hökümetiň arasynda dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek we çaltlaşdyrmakdaky roluna ünsi çekdi.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Walodin hem dürli derejedäki parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny aýtmak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak esasyndadyr we Orsýetiň Mejlisindäki maksadymyz özara gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek we aramyzda şertnamalary ýerine ýetirmekdir diýdi.

Tags