Oct 19, 2021 22:23 Asia/Ashgabat
  • General Bagheri bilen Russiýanyň Goranmak ministriniň duşuşygy

Sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bagheri we Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgo duşuşyp, iki ýurduň arasynda harby-goranyş hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

IRNA-nyň habaryna görä, bu ýygnakda iki tarap iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesine, esasanam harby ugurda amatly baha berdiler we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdiler.

Duşuşykda Russiýa bilen Eýranyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gol çekilmeli şertnamany ara alyp maslahatlaşdylar.