Oct 20, 2021 15:55 Asia/Ashgabat

Horwatiýa musulmanlarynyň baş müftüsi Yslam agzybirligi konferensiýasyny yslam ýurtlaryndaky häzirki ýagdaýy düşündirmek üçin tribun diýip atlandyrdy.

Horwatiýa musulmanlarynyň baş müftüsi "Şeýh Aziz Hasan Owiç", Yslam Bileleşigi konferensiýasyna nähili baha bermelidigi barada EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisie minnetdarlyk bildirmek bilen şeýle diýdi: Şeýle konferensiýalar alymlar, akyldarlar we syýasatçylar üçin ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin bir tribundir.

Horwatiýa musulmanlarynyň baş müftüsi şeýle konferensiýalaryň geçirilmegini yslam ýurtlaryndaky ýagdaýlardan habarly bolmak üçin amatly pursat hasaplady we sözüni dowam etdirip: Palestina meselesi, ençeme ýyl bäri şaýat bolup gelýän meselämizdir Mundan başga-da, beýleki yslam ýurtlaryndaky ýagdaýlardan habarly bolmagymyz üçin Owganystan, Siriýa we Ýemen ýaly köp ýurtlaryň ýagdaýlarna üns bermelidiris diýdi.

"Yslam agzybirligi; parahatçylyk we Yslam dünýäsindäki agzalalykdan we dawa-jenjelden gaça durmak " atly Yslam agzybirligi boýunça 35-nji konferensiýa, (sişenbe) Agzybirlik hepdeligi bilen bir wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ybraýym Raisiň çykyşy bilen Tähranda başlandy.