Oct 22, 2021 17:11 Asia/Ashgabat
  • Kazemi Qomi: ABŞ sebitde, esasanam Owganystanda ýerli krizis döretmäge synanyşýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlary sebitde, esasanam Owganystanda ýerli krizis döretmäge synanyşýar diýdi.

Radio we telewideniýe habarlar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Hasan Kazemi Qomi häzirki wagtda Owganystan çylşyrymly we agyr ýagdaýa düşdi we 20 ýyllap Amerikanyň basyp almagy bu ýurduň ezilen halkyna ölümden, zorlukdan we weýrançylykdan başga netije beren däldir diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli bu diplomaty ABŞ goşunlarynyň Owganystandan gaçmagynyň DAEŞ-nyň bu ýurduň howpsuzlyk zolagyna girmegine gabat gelendigini aýtmak bilen indi bir näçe wagtdan soň terrorçylyk hereketleriniň täze bir ölçegini görýändigimiz, basyp alyş ýeňilenden soň, Amerikalylaryň bu ýurduň mazlum halkyna garşy proksi söweş taýynlandygyny aňladýar diýdi.

Kazemi Qomi sözüniň dowamynda : Owganystan Amerikalylar üçin henizem möhümdir, sebäbi olar terrorçylyk toparlary tarapyndan Hytaý, Orsýet we Eýran ýaly ýurtlar üçin howpsuzlyk meselelerini döredip biljekdigini çaklaýarlar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili şeýle-de sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny Owganystanyň we Yrak ýaly ABŞ-nyň basyp alan beýleki ýurtlarynyň durnuklylygy bilen baglanyşdyrdy.