Oct 24, 2021 16:33 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Sionist režimi, Eýranyň haýran galdyryjy jogaby sebäpli ýetiriljek zyýanyň öwezini dolmak üçin serişde bermek barada pikirlenmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary twitterde Sionist režimiň Eýranyň haýran galdyryjy jogaby sebäpli ýetiriljek zyýanyň öwezini dolmak üçin serişde bermeklige we býudjet üpjünçiligine pikirlenmelidir diýip ýazdy.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Sionist režimiň haýbatlaryna we Eýrana garşy duşmançylykly hereketleri üçin býudjet tassyklamak baradaky toslamalaryna jogap edip şahsy twitter sahypasynda Sionist režim, Eýrana garşy wagşyçylyklar üçin 1.5 milliard dollarlyk býudjet haslamagyň ýerine, Eýranyň haýran galdyryjy jogaby sebäpli ýetiriljek zyýanyň öwezini dolmak üçin onlarça milliard dollar serişdesini üpjün etmegiň pikirinde bolsun diýip ýazdy.

Tags