Oct 24, 2021 20:19 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Ýadro gepleşiklerinde ABŞ we Ýewropa karar bermekde krizis bilen ýüzbe-ýüzdirler diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün (ýekşenbe) ýurduň işgärleriniň we Yslam Agzybirligi konferensiýasyna gatnaşan myhmanlaryň bir toparynyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen duşuşanda çykyş etdi.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň çykyşyndan öň Raisi, Pygamberimiziň (saw) barlygyny adamzat üçin iň uly bereket we üýtgeşmeleriň iň ýokary nokady diýip atlandyrmak bilen Ymam Homeýni (ra) hem Pygambere (saw) eýerdi we Hudaýa we halka bil baglamak bilen aýaga galdy we häzirki wagtda ynkylapyň ikinji ädiminiň resminamasy ýurduň ähli künjeklerinde üýtgeşmeler we zerurlyklara jogap bermek üçin gollanma bolup durýar.

Eýranyň prezidenti şeýle hem: Häzirki wagtda giň sanjymlar bilen halkyň saglygyny goramak üçin uly ädim ädildi we esasy harytlar bilen üpjün etmek bilen bu ugurdaky aladalar çözüldi diýdi.

Raisi, Eýranyň daşary syýasatyny dünýä, esasanam goňşulary bilen giň gatnaşyk hökmünde häsiýetlendirdi we ýurduň ykdysadyýetini gepleşikler we şuňa meňzeşler bilen baglanyşdyrmajakdygyny aýtmak bilen wada beren zatlarymyza ygrarly, emma ABŞ we Ýewropalylar karar bermek krizisindedirler diýdi.