Oct 25, 2021 11:03 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň yslam dünýäsinde agzybirligiň ähmiýetini nygtamaklary

Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi, yslam dünýäsinde agzybirligiň ähmiýetini düşündirmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Ynkylapyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, Hz.Muhammet (SA) we Ymam Jafar Sadegiň (AS) mübärek doglan günleri mynasybatly, Yslam agzybirligi boýunça halkara konferensiýa gatnaşýan myhmanlar we ýurduň resmileri bilen toparlaýyn duşuşygynda Yslam agzybirligi ýörelgeli mesele we Gurhanyň borjydyr, täze yslam siwilizasiýasyny döretmek baradaky belent maksada ýetmek şaýylar bilen sünnüleriň agzybirligi zerurdir diýip aýtdylar.

Hezretleri Çykyşynyň ýene bir böleginde "Yslamyň hemme taraplaýyn hukugynyň üpjün bolmagy" we "Musulmanlaryň agzybirligini" şu gün Yslam ymmatynyň iň möhüm wezipelerinden diýdiler.

Aslynda agzybirlik, yslam ymmaty üçin köp peýdalary berip musulman ymmatyna güýçli goldawdyr; Emma rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda köp ýurt agzybirligiň ähmiýetinden we wezipelerinden bihabardir we Agzybirlik Yslam dünýäsiniň abraýynyň esaslaryndan biri bolsa-da, kynçylyklardan dynmak we duşmanlaryň dildüwşüklerini ýeňip geçmek üçin esasy zerurlykdyr.

Yslam dünýäsinde agzybirlige bolan çemeleşme şu nukdaýnazardan iki möhüm maksady nygtaýar:

Birinji maksat, yslamyň şahsyýetini we gymmatlyklaryny we onuň Yslam ýurtlarynyň milli, sebitleýin we halkara derejesinde wagyz edilmegine edýän täsirini goramakdyr.

Ikinji maksat, yslamyň duşmanlarynyň dildüwşüklerine garşylygy güýçlendirýän we ulumsy agalygyň öňüni alýan yslamyň progressiw we azat ediji ideýalaryny ýaýratmakdyr.

Yslamyň taryhy, gynansak-da, käbir dini we syýasy ýoldan çykýan akymlaryň yslam bitewiligini gowşadyp, musulman ymmatynyň arasynda bölünişik döredendigini görkezýär we  agzybirlige bil baglamagyň deregine Yslamyň duşmanlaryna dostluk elini uzadýarlar.
  Şunuň bilen baglylykda, Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy sebitdäki käbir hökümetleriň basyp alýjy sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak synanyşygyny uly günä we ýalňyşlyk diýip atlandyrdylar we Bu hökümetler bu hereketden we yslam agzybirligine garşy ýoldan gaýdyp gelmeli diýdiler.  

 

Tags