Oct 26, 2021 17:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 156 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 156 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 125,519-a ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 9 müň 96 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 5,877,456-a ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 443 müň 243 näsag Eýranyň keselhanalaryndan gutuldy ýa-da boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen bir gije gündiziň boýunda 1,122,499 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrligi 51 million 455 müň 291 adamyň birinji dozany, 30 million 950 müň 480 adamyň ikinji dozany we 67 müň 500 adamyň korona sanjymynyň üçünji dozasyny alandygyny habar bermek bilen Eýrana sanjym edilen sanjymlaryň umumy sanynyň 82 million 473 müň 271 dozada ýetendigini aýtdy.