Oct 26, 2021 20:29 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: Adam hukuklary syýasy gurala öwrüldi

Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýetiniň halkara gatnaşyklar ministriniň orunbasary we Adam hukuklary merkeziniň sekretary gynansagam, adam hukuklary Eýran ýaly garaşsyz we ösýän ýurtlara basyş etmek üçin syýasy gurala öwrülendir diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýetiniň halkara gatnaşyklar ministriniň orunbasary we  Adam hukuklary merkeziniň sekretary Kazem Garibabadi BMG-a Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýörite hasabatçynyň jogabyna şeýle diýdi: Dünýä Günbatar ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özüni alyp barşynyň we syýasatynyň netijesinde ýüze çykýan adalatsyzlyklardan ejir çekýän wagtynda, şeýle ýurtlaryň hereketleri netijesinde adam hukuklarynyň bozulmagynyň pidasy bolan Eýran Yslam Respublikasyndaky adam hukuklary ýagdaýy barada hasabat bermek düýbünden syýasy we mashara hereketdir diýdi.

Garibabadi, adam hukuklaryny goraýjylaryň Eýran halkyna we onuň alymlaryna garşy terrorçylykly hereketleriň dymmagyny, şeýle hem adam hukuklarynyň gödek bozulmagy hasaplanýan berk sanksiýalary tankytlap adam hukuklary mehanizmlerini halkara hukugynyň we Günbatar adam hukuklarynyň bozulmalaryny, şeýle hem bu ýurtlardaky adam hukuklary ýagdaýlaryny çözmäge çagyrdy.

Ol şeýle-de ýörite hasabatçynyň hasabatyny adam hukuklarynyň dürli ugurlarynda giňden ýaýran ösüşe bilkastlaýyn üns bermeýän bir taraply we syýasy maksatly hasabat diýip atlandyrmak bilen onuň esasy oklarynyň daşary ýurtlardaky terrorçy we adam hukuklaryna garşy toparlaryň ýalan talaplaryna esaslanýandygyny aýtdy.

Garibabadi Kanadada, Angliýada, ABŞ-da we Şwesiýada adam hukuklary ýagdaýyny berk tankytlady we şol ýurtlardaky adam hukuklary mehanizmlerini tankytlady we olara, Eýran ýaly ýurtlara ünsi jemläp, adam hukuklarynyň bozulmagyny basyrmagyň deregine, ýurtlaryndaky adam hukuklary ýagdaýyny gowulaşdyrmaga tagalla etmeklerini tabşyrdy.