Oct 27, 2021 22:33 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Goňşular we Birleşen Milletler Guramasy Owganystana gumanitar kömek ibermeli

Eýranyň Daşary işler ministri Owganystanyň ähli goňşy ýurtlaryny, Birleşen Milletler Guramasyny we halkara jemgyýetçiligini Owganystana ynsanperwer kömegini ibermäge çagyrdy.

Hüseýin Amir Abdullahian Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ikinji ýygnagynyň çäginde geçirilen metbugat ýygnagynda Owganystana ynsanperwer kömegi meselesini şu gün esasy temalaryň biri diýip atlandyrdy.

Amir Abdullahian EýranPress habar gullugynyň beren soragynyň jogabynda: Sowuk möwsüm ýakynlaşyp gelýär oňa göra Owganystana berilýän kömek meselesi, esasanam durnuksyz ykdysady, howpsuzlyk we durmuş şertleri sebäpli has çynlakaýlaşýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda: Egerde Owganystandaky ýaşlar aç bolsalar we özlerini ekläp bilmeseler, terrorçy toparlara çekilip bilner, bu çynlakaý meseledir diýip beýan etdi.

Amir Abdullahian soňda Owganystana kömek ibermegiň zerurdygyny aýtmak bilen ýagdaý gözegçilik astynda saklanmasa, awaralaryň köpüsi goňşy ýurtlara göçer diýip yglan etdi.