Oct 27, 2021 23:30 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň täze bölümi başlaýar

Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň 16-njy ýygnagynyň ahyrynda: iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze bölüminiň başlanjakdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, iki ýurduň arasynda geçirilen iki gün dowam eden gepleşikleriň netijesi boýunça Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki Ykdysady Komissiýanyň 16-njy ýygnagynyň ahyrynda "Rostam Gasemi"  duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň halkynyň peýdasyna bolan protokola gol çekildi diýdi.

Gasemi, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygyň energiýa pudagy, transport we metbugat pudagyndaky dürli meseleler boýunça ylalaşyga gol çekilendigini aýtdy. Iki ýurduň arasynda başlanan gatnaşyklaryň täze tapgyry dowam eder diýip umyt edýäris.

Ol 'eýle-de ulag pudagynda serhetlerdäki flot gatnawyny köpeltmek, serhet terminallarynyň iş wagtyny köpeltmek, gümrükde deňiz we demir ýol ulaglary hyzmatdaşlygyny giňeltmek we gümrük hyzmatdaşlygy resminamasyny durmuşa geçirmek kararyna gelinendigine we söwda pudagynda iki ýurduň kanunlaryna laýyklykda söwdany ýola goýmak we artykmaç söwda hyzmatdaşlygy üçin ýerlik taýýarlamak barada ylalaşygymyz bolmaly diýip beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow habarçylara şeýle diýdi: Ulag, energiýa we habar beriş pudagynda hyzmatdaşlyga başlamak üçin möhüm we gymmatly gepleşikler geçirildi.

Türkmeniň Daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, bu şertnama iki ýurt tarapyndan gol çekilen bilelikdäki teswirnamanyň taýýarlanmagyna sebäp boldy.