Nov 15, 2021 19:16 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisi: Eýran bilen Türkiýe gatnaşyklary häzirki derejeden hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga çenli ýokarlandyrmaga taýyn bolmalydyr

Türkiýäniň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda Eýranyň prezidenti: Eýran bilen Türkiýe gatnaşyklary häzirki derejeden hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga çenli ýokarlandyrmaga taýyn bolmalydyr diýdi.

Eýranyň Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi duşenbe güni Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasanam söwda we ykdysady meseleler babatynda ösüşiň iki halkyň bähbidine bolandygyny aýtmak bilen Eýran bilen Türkiýe, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýol kartasyny düzmek arkaly gatnaşyklary häzirki derejeden hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga çenli ýokarlandyrmaga taýyn bolmalydyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti sözüni dowam etdirip: Iki ýurduň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy halkara arenasyndaky hyzmatdaşlyga öwürmeli we iki ýurduň möhüm pozisiýasyny göz öňünde tutup, özara gatnaşyklaryň bu görnüşi global deňlemelerde täsirli bolup biler diýdi.

Raisi Eýranyň sebitdäki ýurtlaryň öz meselelerini daşary ýurt päsgelçiliksiz çözüp bilmek ukyby baradaky garaýşyna salgylanyp: Daşary ýurtlularyň bolmagy sebitdäki halklar bilen hökümetleriň arasynda howpsuzlyga we dartgynlyga sebäp bolýar; Şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystanda ýigrimi ýyllap bolmagy adam öldürmekden, gan dökmekden we weýrançylykdan başga hiç zat döretmedi we Owganystandaky meseleleriň bu ýurduň halky we goňşularynyň kömegi bilen çözülip bilinjekdigi belli boldy diýdi.

Eýranyň prezidenti DAEŞ toparynyň hereketleriniň sebitdäki ähli ýurtlara zyýan ýetirýändigini aýtmak bilen Amerikan resmileriniň ykrar etmeklerine görä, DAEŞ olar tarapyndan döredildi we tebigy ýagdaýda bu hereket amerikalylaryň islegi boýunça hereket edýär we dürli ýurtlarda adamlary öldürilýär we gan dökülýär.

Eýranyň prezidenti: Eýran Yslam Respublikasy, goňşuçylyk gatnaşyklaryndan daşgary Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe bilen çuňňur we gadymy dini we medeni baglanyşygy bardyr diýmek bilen käbir daşary ýurt hereketleriniň gatnaşyklara zyýan ýetirmegine ýol bermeli däldiris diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri bu ýurduň Eýran bilen gatnaşyklarynyň ösmegini çaltlaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtmak bilen Türkiýe Tähran bilen hyzmatdaşlygyň derejesini mümkin boldugyça ýokarlandyrmagy maksat edinýär diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri şeýle-de Günorta Kawkazda durnuklylygy we söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak üçin Eýran bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we berkitmäge synanyşýarys diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu mundan ozal Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian bilen duşuşyp iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň düzgünleri baradaky diplomatik gepleşiklerimize başlamaga razy bolduk we bu resminama Türkiýäniň prezidentiniň indiki Eýrana sapary wagtynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda gol çekiler diýip umyt edýäris diýdi.

Tags