Nov 24, 2021 10:51 Asia/Ashgabat
  • Grosiniň Tährandaky maslahaty;

Eýran ýadro programmasyny durmuşa geçirmegi ýüregine düwdi.Tährana sapar eden Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri Sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri we Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň dowamyny ara alyp maslahatlaşdy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami, IAEA-nyň baş müdiri bilen duşuşandan soň "Eýranyň ýadro maksatnamasyny durmuşa geçirmegi maksat edinýändigini  belläp,"Eýranyň ýadro programmasynda hiç hili egri ýolynyň ýokdugyny we  ýadro işlerini şertnamalara we düzgünlere laýyklykda alyp barýandygyny Rafael Grossiň" bu duşuşykda birnäçe gezek nygtandygyny aýtdy.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri hem: "Biz umumy pikir tapyp bileris diýip, işi dowam etdirmek we gatnaşyklary dowam etdirmek isleýäris,diýdi.

Rafael Grosiniň Tährana sapary , Dolandyryjylar geňeşiniň 24-nji noýabrda geçiriljek mejlisiniň öňüsyrasynda boldy.
 “Axius News” , Angliýa Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşiniň mejlisinde Eýrany tankytlamak üçin beýleki Günbatar ýurtlaryna basyş etdi; Şol bir wagtyň özünde, Eýran IAEA-a hemişe tehniki hyzmatdaşlygyň ýolunda durmagy we käbir ýurtlara IAEA-nyň adyndan syýasy maksatlaryna ýetmegine ýol bermezligi maslahat berdi diýip habar berdi.
 ABŞ, 2018-nji ýylda ýadro şertnamasyndan bikanun çykandan soň, Eýran 15 aýlap borçnamalaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirdi,welin Ýewropa taraplarynyň maliýe we bank açyşlary baradaky beren wadalarynyň ýerine ýetirmändigi we ABŞ hökümetiniň Eýrana birtaraplaýyn sanksiýalary girizmegi dowam etdirmegi sebäpli Eýran ýadro borçnamalarynyň käbirini kem-kemden azaltdy.
 Muňga garamazdan, Grosiniň Tährana eden soňky saparlaynda Eýran Yslam Respublikasy,ýadro desgalaryna Agentligiň gözegçiliginiň dowam etdirilmegi üçin Iki gezek ,  tehniki şertnamalar baglaşyldy.
 Emma Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) baş müdiri Eýrandan bikanun isleglerini  dowam etdirdi.

 Sionist režimi tarapyndan ýadro desgalarynda päsgelçilik döretmek we eýranly alymlary öldürmek,Eýranda nägilelige sebäp bolýan başga bir möhüm meseledir,
Şeýle-de bolsa, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadehiň sözlerine görä, IAEA bu ​​bidüzgünçilikleriň we terrorçylyk hereketleriniň  sionist režimi tarapyndan Eýranyň topragynda amala aşyrylandygyny gowy bilýändir. 
Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan Eýran bilen IAEA-nyň arasyndaky meseleler tehniki meseleler bilen baglanyşyklydyr we Eýranyň ýadro programmasyna garşy Günbatarlylar we sionist režimiň toslamalry Agentlige syýasy basyşlar we jedeller höküminde bolmaly däldir.
Wenada Eýran bilen 4+ 1 toparynyň arasynda gepleşikleriň golaýlamagyna , şeýle hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň mejlisini göz öňe tutmak bilen  
Grosiniň Eýranyň Daşary işler ministri we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy bilen häzirki duşuşygy ,IAEA-na, esasanam Rafael Grossi-e, Eýranyň duşmanlarynyň syýasy sebäplerinden we basyşlaryndan uzakda, Eýranyň parahatçylykly ýadro işleri barada hasabat hödürlemegine mümkinçilik bolup biler.  

Tags