Nov 24, 2021 19:05 Asia/Ashgabat
  • Raisi Türkmenistana gidýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine ugraýar.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi geljek şenbe güni Türkmeniň paýtagtynda geçiriljek (YHG) sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gidýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (YHG), agza ýurtlaryň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 1985-nji ýylda Eýran, Päkistan we Türkiýe tarapyndan döredilen sebit guramasydyr.

Eýran, Päkistan, Türkiýe, Owganystan, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 10 agzasydyr.