Nov 25, 2021 10:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri Eýran bilen Ermenistanyň arasynda bilelikdäki ykdysady komissiýanyň döredilmegini nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ermeni kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň gysga wagtda döredilmegine umyt bildirdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Hüseýin Amir Abdullahian we Ararat Mirzoýan çarşenbe güni gije telefon  arkaly söhbetdeşlikde dürli meselelerini, şol sanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we Bilelikdäki Ykdysady Komissiýany, ECO sammitini we sebitleýin we halkara özgerişleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran kompaniýalarynyň Ermenistan Respublikasyndaky gatnaşygyny güýçlendirmek üçin taýynlyklaryny yglan edip, iki ýurduň bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň gysga wagtda geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Bu çagyryşda Amir Abdullahian Kawkaz sebitinde bolup geçen soňky harby konfliktlere alada bildirdi we sebitdäki ýurtlaryň serhedindäki üýtgeşmeleri kabul etmezlik esasynda Eýran Yslam Respublikasynyň syýasatynda territorial bitewilige hormat goýulmagyny isledi.

Bu aragatnaşykda Ermenistanyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar üçin teklip edilýän ýol kartasyna salgylanyp, (Tährana eden soňky saparynda ünsi çekip) bilelikdäki ykdysady komissiýa gurmaga we Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Mirzawian, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurtlaryň territorial bitewiligine hormat goýmak meselesindäki pozisiýasyny öwdi we muny möhüm hasaplady.

Tags