Nov 27, 2021 14:52 Asia/Ashgabat
  • Safari: Eýranyň hususy pudagy Türkmenistan taslamalaryna gatnaşmaga taýyn

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň başlygy bilen bolan duşuşygynda Eýranyň hususy pudagynyň goňşy ýurtdaky dürli taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Mehdi Safari we Hoday Berdiýew anna güni agşam duşuşyp, dürli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny we iki ýurduň alyş-çalyş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa ministriniň orunbasary Eýranyň dürli ykdysady, oba hojalygy we söwda pudaklaryndaky mümkinçiliklerine ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasynyň dürli ugurlardaky tejribelerini Türkmenistana geçirmäge şeýle hem tehniki-inženerçilik, nanotehnologiýa we biotehnologiýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Berdýew hem, Türkmen Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň oba hojalygy, senagat we ýol gurluşyk pudaklarynda işjeňdigini belläp: Iki ýurduň kompaniýalaryň hyzmatdaşlygyny goldaýarys. Eýran kompaniýalarynyň ähli senagat we ykdysady pudaklarda başarnygyny bilýäris we bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirýär diýdi.