Nov 27, 2021 22:15 Asia/Ashgabat
  • Eslami: Sionist režimi özüniň çäklerini we heddini bilmelidir

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm etmek bilen haýbat atmazdan ozal, sionist regimi hakyky heddini bilmelidir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" Al-Masira teleýaýlymyna beren interwýusynda: Eýran ýadro ýaragyny edinmek baradaky milli strategiýasynda synanyşmady we synanyşmaz, ýurt Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň düzgünleriniň çäginde hereket edýär diýdi.

"Eslami" şeýle-de, Eýranyň ýadro desgalarynda geçirilen ähli barlaglarda ýadro programmasynda gyşarnyksyz alamatyň ýokdugyny mälim etmek bilen eziji düzgün, eýranly ýadro alymyny öldürmek bilen Yslam rewolýusiýasyna zarba urup biljekdigine ynanýar, Emma ýagdaý düýbünden olaryň garaýyşlarynyň tersinedir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Bu hereketler Eýranyň ýadro programmasyny gowşatmaýandyga bärde dursun, eýsem Eýranyň parahatçylykly ýadro maksatnamasyny güýçlendirýär we ösdürýär diýdi.

ýadro şertnamasynyň beýleki taraplaryny tankytlaýan Eslami: Beýleki taraplar ýadro şertnamasynda görkezilen borçlary ýerine ýetirmediler diýdi.

Tags