Nov 29, 2021 13:53 Asia/Ashgabat
  • Bageri: Wena gepleşiklerine bikanun sanksiýalary ýatyrmak üçin çynlakaý isleg bilen girdik

Eýranyň baş gepleşikçisi Ali Bageri Kani Wena gepleşikleriniň täze tapgyrynyň öňüsyrasynda beren gürrüňlerinde bikanun we eziji sanksiýalary ýatyrmak üçin çynlakaý erk we güýçli taýýarlyk bilen gelendigini aýtdy.

Ali Bageri Kani, ýekşenbe güni gije Hytaýyň we Orsýetiň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we ýadro gepleşikleri boýunça Bilelikdäki Geňeşine başlyklyk edýän Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky Hereket Gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora bilen duşuşandan soň radio we telewideniýe habarlar gullugyna beren interwýusynda: Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümi, Eýran Yslam Respublikasynyň Amerikalylaryň Eýran halkyna garşy bikanun we sütemli sanksiýalaryny aýyrmak üçin çynlakaý çäreleri görmegi we çynlakaýlygyny görkezýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu gepleşikleriň Eýran Yslam Respublikasynyň bu sanksiýalary ýatyrmak maksadyna ýetmeginde täsirli rol oýnajakdygyna umyt bildirdi.

Şu gün, duşenbe güni, 4 + 1 toparynyň ýokary derejeli diplomatlarynyň, Eýranyň we EUB wekiliniň gatnaşmagynda bäş aýlyk arakesmeden soň Koburg myhmanhanasynda ýadro gepleşikleri boýunça bilelikdäki komissiýasynyň mejlisiniň täze tapgyry geçiriler.