Nov 29, 2021 14:11 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýran howpsuzlygyny üpjün etmek üçin elinden gelenini edýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýran Yslam Respublikasy howpsuzlygyny üpjün etmek üçin elinden gelenini eder diýdi.

"Said Hatibzadeh" içerki we daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen hepdelik metbugat ýygnagynda EýranPressyň habarçysynyň beren soragynyň we Sionist režimiň Goranmak ministriniň Eýranyň pilotsyz hüjümler üçin Çabahar we Keşm adasyny ulanýandygyny öňe süren talaplaryna jogap hökmünde şeýle diýdi: Hiç kim Eýranyň howpsuzlygyna, Pars aýlagynyň geografiýasyna we onuň töweregindäki howpsuzlyga zyýan berip bilmez diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Iňlisiň Daşary işler ministriniň Sionist režimiň Daşary işler ministri bilen bilelikdäki belligine hem ýüzlenip: Bu mesele, bu ýurtlaryň käbiriniň gepleşiklere çynlakaý garaman, eýsem bu gepleşikleriň uzaklaşmagy üçin mümkinçilik gözleýändigini görkezýär diýip yglan etdi.

Hatibzadeh şeýle hem Palestinanyň ezilen halky bilen Halkara raýdaşlyk gününi gutlamak bilen şeýle diýdi: Palestina biziň üçin eldegrilmesiz idealdir we bu toprakdaky adamlaryň görgüleri eýran halkynyň aňyndan asla aýrylmaz diýip nygtady.