Nov 29, 2021 21:42 Asia/Ashgabat
  • Ýadro gepleşikler boýunça bilelikdäki komissiýanyň ýygnagy Wenada başlady

Awstriýanyň paýtagty Wenada Ýadro gepleşikler boýunça bilelikdäki komissiýasynyň mejlisiniň täze tapgyry başlandy.

IRNA-nyň habaryna görä, Ýadro gepleşikler boýunça bilelikdäki komissiýasynyň mejlisiniň täze tapgyry ABŞ-nyň eýran halkyna garşy zulum edýän sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna gönükdirildi. Bu gepleşikler bäş aý töweregi arakesmeden soň şu gün (duşenbe) Wenada başlandy.

Bu ýygnag Eýran Yslam Respublikasynyň uly gepleşikçisi "Ali Bageri Kani", 4+1 toparyň wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşarky hereket gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary "Enrike Mora"yň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Eýranyň wekiliýetine şu hepdäniň şenbe güni Wena gelen Ali Bageri Kani ýolbaşçylyk edýär.

Wena şäherinde, 29-njy noýabrda (şu gün) Eýran bilen 4 + 1 toparynyň arasynda ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýatyrmak barada gepleşik geçirilýär.

Tags