Nov 29, 2021 22:27 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýran Wena gepleşiklerinde täsirli ylalaşyga gelmek üçin güýçli erk bilen gatnaşýar

Eýranyň Daşary işler ministri Wena gepleşiklerinde işjeň orny üçin Orsýete minnetdarlyk bildirmek bilen Eýran Yslam Respublikasy bu gepleşiklere gowy we täsirli ylalaşyk gazanmak üçin çynlakaý isleg yrada bilen gatnaşýar diýdi.

Şu gün Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian Orsýet federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary we prezidentiniň Günbatar Aziýa we Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bagdanow bilen Tähranda duşuşanda iki ýurduň sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlygyna täsirli we peýdaly baha berdi.

Amir Abdullahian, Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýa barada Astana prosesi sammitini we Daşary işler ministrleri Tähranda geçirmäge taýýardygyny yglan etdi we bu meselede Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky umumy pikiri nygtady.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Orsýetiň korona kesellerine garşy göreşde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky teklibini garşy aldy.

Duşuşykda Mihail Bagdanow hem şeýle diýdi: Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara esaslanýar we yzygiderli we berk dowam edýär diýdi.

Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Kawkaz meselesini iki ýurt we sebit üçin möhüm diýip atlandyrmak bilen bu sebitde Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlygy köpdir diýdi.

Rus resmisi ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagyny sebitde şübhe we alada döredendigini aýtdy.

Ol şeýle-de Siriýa bilen gatnaşyklaryň möhümdigini aýtmak bilen bu ýurda garşy girizilen sanksiýalary ýazgardy.