Dec 01, 2021 13:10 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, döwlet bilen mejlisiň bilelikdäki ýygnagynda: kanun; adalatyň ýerine ýetirilişiniň okydyr diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýid Ybraýym Raisi" şu gün (çarşenbe) Mejlisiň güni mynasybetli parlament bilen döwletiň bilelikdäki ýygnagynda: Kanun adalatyň okudyr we näçe kanun ýerine ýetirilse adalat ýerine ýetirilýär diýdi.

Raisi kanunçylyga parlamentiň iň möhüm meselesi hökmünde ünsi çekmek bilen jemgyýetiň hereketi üçin rels goýmak parlamentiň möhüm jogapkärçiligidir diýip yglan etdi.

Raisi sözüniň dowamynda: Häzirki wagtda parlament halkyň isleginiň we sesiniň beýanydyr we kanunçylyk parlamentiň işiniň bir bölegi we her kim muny durmuşa geçirmäge özüni borçly hasaplamalydyr diýdi.

Eýranyň prezidenti Şehit Modarresiň şehit bolmagynyň ýyl dönümine we mejlis gününe ünsi çekip, ruhy we syýasat arasyndaky baglanyşygy bu şehitiň durmuşynyň iň möhüm bölegi diýip atlandyrdy we şeýle diýdi: Din adam durmuşyny dolandyryp we ähli zerurlyklaryna jogap berip biler.

Raisi soňda, döwletiň iň möhüm maliýe resminamasy hökmünde ýylyň býudjetine salgylanyp : Geljek ýyl býudjetinde iň pes kemçilikleriň bolmagy we inflýasiýanyň öňüni almak üçin ýolbaşçyň we mejlisiň aladalaryny çözmek üçin tagalla edildi diýdi.

Yslam geňeşiniň mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" hem bu ýygnakda şeýle diýdi: Prezident öz tagallalary bilen, daşary syýasat we sanksiýalary ýatyrmak meselesinde gowy we abraýly gepleşikler we gowy we adalatly ylalaşyk bilen halkyň hukugyny alar we bu rehimsiz sanksiýalar eziz we çydamly milletimiziň başyndan ýatyrylar diýip umyt edýärin.