Dec 01, 2021 15:38 Asia/Ashgabat
  • Şeýh al-Islami: Birleşen Milletler Guramasy ABŞ-nyň Eýrana garşy ykdysady terrorçylygyna garşy durmalydyr

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary: Birleşen Milletler Guramasy, ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyna we Eýran halkyna garşy ykdysady terrorçylyga garşy bir ses bilen çykyş etmeli we ony ýazgarmalydyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň gullugynyň Tähranda döredilmeginiň 76 ýyllygynda Muhammet Hasan Şeýh al-Islami beren gürrüňlerinde BMG güni, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ýetmek üçin edýän tagallalaryna goldaw bermekde bu guramanyň möhüm roluny ýada salmak üçin laýyk çarçuwadyr diýdi.

Şeýh Al-Islami, Birleşen Milletler Guramasynyň deň hukuklara we ýurtlaryň sosial, medeni we ykdysady ugurlarda deň hukuklar üçin meselelerini çözmek ugurda bilelikdäki tagallalara esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertleri döredip biljekdigini we hökman döretmelidigini aýtdy.

Şeýh al-Islami Munuň amala aşmagy üçin ähli agzalara köptaraplaýynlygy ösdürmeli we birtaraplaýynlykdan saklanmaly, sebäbi birtaraplaýynlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary bozýar we Birleşen Milletler Guramasynyň maksadyny äsgermezlik edýär diýdi.

Ol sözüniň dowamynda: BMG-nyň Tertipnamasynyň düzgünlerini bozýan birtaraplaýyn we ABŞ-nyň bikanun syýasatlaryna garşy göreşmek bu guramanyň wezipelerinden biridir diýip nygtady.