Dec 01, 2021 16:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 82 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 82 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 129,912 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 4 müň 312 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,121,757-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 892 müň 574 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 374,656 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 57 million 776 müň 917 adam birinji dozany, 47 million 385 müň 346 adam ikinji dozany we 105 müň 56 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 106 million 267 müň 319 dozada ýetdi.