Dec 03, 2021 16:36 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 78 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 78 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 130,066 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 3 müň 603 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,129,199-a ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 908 müň 901 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde şu wagta çenli 264 million 612 müňden gowrak adama ýokaşdy we 5 million 253 müňden gowrak adam kowid-19 keseli sebäpli adam öldi.