Dec 03, 2021 22:56 Asia/Ashgabat
  • Wenadaky Eýran bilen 4 + 1 toparynyň arasyndaky duşuşygyň soňlamagy

Wenada Eýran bilen 4 + 1 toparyň arasyndaky gepleşikleriniň jemleýji ýygnagy tamamlandy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran bilen 4 + 1 toparynyň arasyndaky gepleşikleriň jemleýji ýygnagy, anna güni, sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň ýedinji tapgyryny tamamlamak üçin ýadro şertnamasynyň agzalary bolan gepleşik delegasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen Wenada Koburg myhmanhanasynda amamlandy.

Duşuşyk Eýranyň Daşary işler ministrniň syýasy orunbasay we 4 + 1 toparynyň syýasy direktorlarynyň, "Ali Bagheri Kani"  we Enrike Moranyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşyk paýtagtlara dolanmak we Eýranyň teklip eden tekstlerini gözden geçirmek üçin iň soňky möhlet gözleýän Ýewropa taraplaryň haýyşy boýunça geçirildi.

Çarşenbe güni gije, Eýran teklip edilýän teksti beýleki tarapa iki mesele görnüşinde berdi: eziji sanksiýalary ýatyrmak we ýadro meselesi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşarky hereket gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Wenadaky Eýranyň gepleşik topary bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

Enrike Mora Wena gepleşiklerini mantyga laýyk hasaplap belkide indiki hepde bu gepleşikleri tamamlap boljakdygyny aýtdy.