Dec 05, 2021 17:28 Asia/Ashgabat
  • Gyrgyzystanyň wise-prezidenti Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri we Gyrgyzystanyň wise-prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Tähran-Bişkek sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian we Gyrgyzystanyň wise-prezidenti Talaatbek Mossadeghow ýekşenbe güni Tähranda duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebit meselelerini we Owganystandaky soňky wakalary we Owganystanda durnuklylygy ýola goýmak we giňişleýyn hökümet gurmak üçin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki ýurtlaryň gatnaşmagy barada maslahatlaşdylar.

Üç günlük resmi sapar üçin Tähranda bolan Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Wise-prezidenti we başlygy şu gün irden Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.