Dec 05, 2021 19:20 Asia/Ashgabat
  • Bageri Kani: Eýran talaplaryndan yza çekilmez

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Eýran talaplaryndan yza çekilmez we ilkinji ädimi ätmeli tarap Amerikadyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary "Ali Bagheri Kani" Italiýanyň "ANSA" habar gullugyna beren interwýusynda: Eýran Yslam Respublikasy 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasynyň gaýtadan dikeldilmegi we sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky talaplaryndan yza çekilmez diýdi.

Bageri Keni sözüniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2018-nji ýylda şertnamadan ýüz öwürendigini göz öňünde tutup, Waşington ilkinji ädimi ätmeli tarapdyr diýip yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Tähranyň Wena gepleşikler prosesinde 4 + 1 toparyna beren teklipleriniň "resminamalaşdyrylandygyny we mantyklydygyny", şonuň üçin gepleşikler üçin esas bolup biljekdigini aýtdy.

Bageri Kani şeýle-de bu teklipler gepleşikler üçin esas bolup, beýleki tarap Eýran toparynyň tekliplerine resminamalaýyn jogap bermelidir diýdi.